Turkmenportal logo
27.08.2026
1375913759
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň DIM-inde Germaniýanyň täze ilçisi kabul edildi

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Petra Dahtler bilen duşuşdy. Ilçi türkmen tarapyna ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.

Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ilçini bu ýokary wezipä bellenmegi bilen gutlady ham-da oňa Türkmenistandaky diplomatik işini amala aşyrmakda üstünlik diledi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky türkmen-german gatnaşyklarynyň esasy taraplaryny maslahatlaşdylar.

Döwletara gatnaşyklaryň ösmegine ýokary derejedäki duşuşyklaryň uly itergi berýändigi aýratyn bellenildi.

Duşuşykda iki ýurduň BMG-niň we ÝB-niň çäklerinde, şeýle hem «Merkezi Aziýa – Germaniýa» formatyndaky hyzmatdaşlygynyň netijeliligi nygtaldy.

Diplomatlar köpýyllyk söwda-ykdysady gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini belläp geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, German ykdysadyýetiniň gündogar komitetiniň işjeň tagallalaryna aýratyn üns berildi.

Taraplar medeniýet, saglygy goraýyş we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini hem maslahatlaşdylar.