Turkmenportal logo
27.08.2026
1489814898
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ýygyndysynyň U17 Aziýanyň Kubogynyň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy

Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy futbol boýunça 2027-nji ýylyň Aziýanyň Kubogynyň saýlama tapgyrynda Ýemeniň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň we Demirgazyk Mariana adalarynyň ýygyndylary bilen duşuşar. Bije çekişligiň netijeleri penşenbe güni Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherindäki Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň (AFC) binasynda yglan edildi.

Ýaryşyň saýlama tapgyry 2026-njy ýylyň 8–20-nji noýabry aralygynda merkezleşdirilen ulgam boýunça geçiriler. Saýlama tapgyryna 35 ýygyndy gatnaşyp, olar hersinde bäş ýygyndy bolan ýedi toparça bölündi.

Türkmenistan öz garşydaşlary bilen bilelikde «F» toparça düşdi. Saýlama tapgyrynyň ähli duşuşyklary Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde bir aýlawly ulgam boýunça geçiriler.

Ýaryşyň final tapgyryna ýedi toparçanyň ýeňijileri çykar. Olar Katar döwletinde geçirilen FIFA U17 dünýä çempionatynyň netijeleri boýunça eýýäm ýollanma alan dokuz ýygyndynyň hataryna goşular. Bu ýygyndylar Awstraliýa, Hytaý, Ýaponiýa (häzirki çempion), Koreýa Respublikasy, Katar, Saud Arabystany, Täjigistan, Özbegistan we Wýetnamdyr.

U17 Aziýanyň Kubogynyň final tapgyry 2027-nji ýylyň 12–29-njy maýy aralygynda Özbegistanda geçiriler.

Türkmenistanyň U17 ýygyndysyny saýlama ýaryşyna Azat Muhadowyň ýolbaşçylygyndaky tälimçiler topary taýýarlaýar. Onuň ýolbaşçylygynda ýaşlar ýygyndysy Özbegistanda geçirilen Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasynyň (CAFA-2026) çempionatynda bäş toparyň arasynda dördünji orny eýeledi.

«F» toparçanyň duşuşyklarynyň tertibi (Bişkek):

  • 8-nji noýabrda, 1-nji tapgyr: Gyrgyzystan — Türkmenistan

  • 14-nji noýabrda, 3-nji tapgyr: Türkmenistan — Mongoliýa

  • 17-nji noýabrda, 4-nji tapgyr: Türkmenistan — Demirgazyk Mariana adalary

  • 20-nji noýabrda, 5-nji tapgyr: Ýemen — Türkmenistan