Gapma-garşylyklar dünýäde azygyň ýiti ýetmezçiliginiň esasy sebäbi bolmagynda galýar, olaryň netijeleri bolsa, köplenç uruş hereketleriniň çäklerinden uzaga çykyp, azyk önümleriniň, döküniň we energiýagöterijileriň ählumumy üpjünçiligini bozýar. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş aýtdy diýlip, guramanyň Täzelikler saýtynda habar berilýär.
Baş sekretaryň sözlerine görä, guramanyň Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan 2018-nji ýylda kabul edilen 2417 belgili rezolýusiýasynda ýaragly gapma-garşylyklar bilen azyk üpjünçiliginiň, şeýle hem açlygyň arasyndaky gönüden- göni arabaglanyşyk resmi ykrar edildi. Ol 2025-nji ýylda Ikinji jahan urşundan bäri dünýäde iň köp ýaragly gapma-garşylyklaryň hasaba alnandygyny, azyndan 266 million adamyň ýiti azyk ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny nygtady.
Guterriş 2417-nji rezolýusiýanyň yzygiderlilikde we doly möçberde berjaý edilmelidigini nygtap, haýyr-sahawat işgärleriniň howpsuzlygyny üpjün etmäge hem-de azyk ulgamlaryny goramaga çagyrdy.
«Azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde esasy serişde parahatçylykdyr» diýip, Baş sekretar belledi.
«Serişdeleriň ýetmezçiligi bilen baglylykda, haýyr-sahawat guramalarynyň mümkinçilikleriniň azalandygyna garamazdan, BMG-niň Bütindünçä azyk maksatnamasy gapma-garşylyklaryň zolaklaryndaky adamlara kömek etmek üçin ähli mümkinçilikleri peýdalanmakçy» diýip, Guterriş sözüni jemledi.