Turkmenportal logo
27.08.2026
1434114341
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan GDA-nyň serhetçileriniň halkara serkerdelik-ştab türgenleşigine gatnaşdy

Türkmenistanyň serhet gullugynyň wekilleri Russiýanyň FHG-niň Serhet gullugynyň binasynda hem-de Russiýanyň FGB-niň Sankt-Peterburg we Leningrad sebitleri boýunça Serhet müdiriýetiniň mümkinçiliklerini çekmek bilen 18-19-njy awgustda geçirilen «Arkalaşyk-2026» bilelikdäki serkerdelik-ştab türgenleşigine gatnaşdylar. Çäre Serhet goşunlarynyň Serkerdeler geňeşiniň Utgaşdyryjy gullugy tarapyndan geňeşiň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasyna laýyklykda guraldy. Bu barada skpw.ru saýtynda habar berilýär.

Gatnaşyjylar Arkalaşygyň daşarky serhetlerinde çylşyrymly ýagdaýlary düzgünleşdirmäge taýýarlyk görülen halatyndaky bölümleriň we edaralaryň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy guramak temasyna aýratyn üns berdiler.

Türkmen tarapyndan başga-da, türgenleşige Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň serhet edaralary gatnaşdy. Galybere-de, çärä GDA-nyň Antiterrorçylyk merkezi, Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň (KHSG) Sekretariaty we Birleşen ştaby, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Sebitleýin antiterror gurluşynyň Ýerine ýetiriji komiteti, Ýaragly Güýçleriň sebit gurluşlary, Rosgwardiýa, Russiýanyň ADÝG we IIM birikdiler.

Iş iki tapgyrda guraldy. Birinji tapgyrda wekiliýetleriň toparlary, şol sanda Türkmenistanyň wekilleri tassyklanan ssenariýa laýyklykda degişli bölümleriň hereketlerini utgaşdyrmak meselelerini işläp geçdiler.

Esasy wakalar ikinji tapgyrda — Leningrad harby okrugynyň poligonynda bolup geçdi. Açylyş dabarasy 1927-nji ýylda serhedi goraýarka gurban bolan serhetçi Andreý Korobisynyň býustuna gül goýmak çäresi bilen başlandy. Bu çärä Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary hem gatnaşdy. Soňra myhmanlar tehnikalaryň, ýaraglaryň we serhedi goramagyň tehniki serişdeleriniň sergisini synladylar.

Türgenleşigiň netijeleri boýunça degişli bölümleriň, şol sanda Türkmenistanyň wekilleriniň Arkalaşygyň daşarky serhetleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça wezipeleri çözmäge ýokary taýýarlygy bellenildi.