Turkmenportal logo
27.08.2026
1196511965
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Apple täze iPhone telefonynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň senesini yglan etdi — çäre 9-njy sentýabrda geçiriler

Apple kompaniýasy her ýyl geçirilýän adaty güýzki tanyşdyrylyş çäresiniň senesini resmi taýdan yglan etdi. Çäre 9-njy sentýabrda geçiriler. Degişli bildiriş kompaniýanyň resmi saýtynda peýda boldy.

«Haýran galdyr we şöhle saç» («Surprise and shine») şygary astynda geçiriljek tanyşdyrylyş dabarasy Kaliforniýanyň Kupertino şäherindäki «Apple Park» toplumynyň çäginde ýerleşýän Stiw Jobsyň teatrynda geçiriler. Çäräniň Aşgabat wagty bilen sagat 22:00-da başlanmagyna garaşylýar.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň deslapky maglumatlaryna görä, çäräniň esasy täzelikleri iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max, şeýle hem Apple kompaniýasynyň ilkinji eplenýän smartfony bolar. Ol «iPhone Ultra» diýlip atlandyrylyp bilner. Şol bir wagtyň özünde, bu nesildäki iPhone 18-iň adaty görnüşiniň has soň — çaklamalara görä, 2027-nji ýylyň ýazynda tanyşdyrylmagyna garaşylýar.

Smartfonlardan başga-da, tanyşdyrylyşda täzelenen Apple Watch Series 12 we Apple Watch Ultra 4 akylly sagatlarynyň, şeýle hem, çaklamalara görä, täze AirPods 5 gulaklyklarynyň görkezilmegi mümkin.

Habarlara görä, täze iPhone üçin deslapky sargytlaryň 12-nji sentýabrda başlanmagy, satuwlaryň bolsa 2026-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda ýola goýulmagy mümkin. Apple bu seneleriň gutarnykly görnüşini tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda yglan eder diýlip garaşylýar.

Çäräniň guramaçylyk nukdaýnazaryndan hem aýratyn ähmiýete eýe bolmagyna garaşylýar. Sebäbi 1-nji sentýabrdan Tim Kuk resmi taýdan Apple kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory wezipesinden aýrylyp, direktorlar geňeşiniň ýerine ýetiriji başlygy wezipesine geçer. Onuň ornuna bolsa Jon Ternus geler. Şeýlelikde, sentýabr aýyndaky tanyşdyrylyş çäresi kompaniýanyň täze ýolbaşçysynyň ilkinji iri tanyşdyrylyş dabarasy bolup biler.

Çäräniň göni ýaýlymyna adatça bolşy ýaly, Apple kompaniýasynyň resmi saýtyndan we kompaniýanyň YouTube-kanalyndan tomaşa etmek mümkin bolar.