Turkmenportal logo
27.08.2026
76827682
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Nepaldaky sil joşgunyndan soňra ýüzlerçe syýahatçy dereksiz ýitdi
Surat: interfax.ru

Azyndan 16 adam Nepalyň Hytaý bilen serhetdäki Rasuwa okrugynda bolan güýçli sil joşmada heläk boldy, 400 töweregi syýahatçy dereksiz ýitdi. Bu barada ýurduň hukuk goraýjy edaralarynyň maglumatlaryna salgylanýan EFE agentligi habar berdi diýip, «INTERFAX.RU» ýazýar. Ýerli polisiýanyň wekili pidalaryň sanynyň ýene artjakdygyny aradan aýyrmady.

Nepalyň Turizm boýunça edarasy silden soňra 384 sany jahankeşdäniň dereksiz ýitendigini habar berýär. Olaryň 93-si ýerli, 291-si daşary ýurtly, şol sanda Beýik Britaniýadan, ABŞ-dan, Awstraliýadan, Niderlandlardan, Malaýziýadan hem-de Hindistandan gelen syýahatçylardyr. Ýene 111 syýahatçynyň raýatlygy kesgitlenilýär.

Gözleg-halas ediş işleri wagtynda 25 adamy halas etmek başartdy. Halas ediş işleri dowam edýär, oňa 14 dikuçar gatnaşýar.

Sil joşmasy Tibetden gözbaş alyp, Nepalyň çäginden akyp geçýän Bhote-Koşi derýasynyň suwunyň çişmesi sebäpli döredi.

«RIA Nowosti» habarlar gullugy öz gezeginde Nepalyň infrastruktura ministri Sunil Lamsala salgylanyp, sil joşmagyndan ýurduň 200 milliard nepal rupiýasy (1,3 mlrd dollar) möçberde zyýan çekendigini ýazýar. Esasan hem, ýollara we köprülere zeper ýetdi.

«Reuters »agentligi düýn günüň ahyrynda tebigy betbagtçylykda heläk bolanlaryň sanynyň 95 adama ýetendigini habar berdi.