Turkmenportal logo
27.08.2026
65136513
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi

26-njy awgustda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda 2025-2026-njy okuw ýylyny jemlemek hem-de 2026-2027-nji okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary bilen ýurduň bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi. Maslahata bilim ulgamynyň işgärleri, mugallymlar gatnaşdylar. Bu barada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşykda edilen çykyşlarda bilim ulgamynda geçen okuw ýylynyň jemleri seljerilip, täze okuw ýylynda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşykda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işlerde bilim ulgamyny ösdürmek babatda kesgitlenen wezipeler, şol sanda täze taryhy döwrüň talaplaryna laýyklykda, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak we hilini täze derejelere çykarmak üçin kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny, şeýle hem okuw dersleri boýunça dürli okuw-usuly gollanmalaryny işläp taýýarlamak, halkara tejribeleriň esasynda pedagogik işgärleri taýýarlamak, hünär ussatlyklaryny ýokarlandyrmak, halypa-şägirt gatnaşyklaryny ösdürmegiň gurallaryny kämilleşdirmek hem-de ulgamlaýyn dowam etdirmek babatda çykyşlar edildi.

Şonuň ýaly-da, bilim işgärleriniň maslahatynda usuly-amaly okuwlarda okatmagyň ylmy taýdan esaslandyrylan döwrebap, innowasion usullaryny, sanly serişdeleri we multimedia enjamlaryny bilim işine giňden ornaşdyrmak, bilim işgärleriniň tehniki serişdelerden hem-de ulgamlardan, maglumat gorlaryndan peýdalanyşyny kämilleşdirmek, hünär ussatlygyny yzygiderli ýokarlandyrmak, mekdebe çenli ýaşly çagalaryň irki ýaşdan sagdyn ösüp kemala gelmeklerini, mekdebe taýýarlykly barmaklaryny üpjün etmek, ýaşlary ylmy-gözleg işlerine ugrukdyrmak boýunça wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.