Koreýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy öz resmi saýtynda Koreýşynaslyk akademiýasynyň ýanyndaky Ýokary okuw mekdebiň 2027-nji okuw ýyly üçin magistratura we doktorantura maksatnamalary boýunça okuwa kabul edýändigini habar berdi.
Okuwyň maksatnamasy koreý ynsanperwerlik we jemgyýetçilik ylymlary boýunça 13 hünäri öz içine alýar.
Maksatnamanyň çäklerinde daşary ýurt raýatlary we daşary ýurtlarda ýaşaýan koreýler üçin talyp haklar hem-de dürli ýeňillikler göz öňünde tutulýar. Bu mümkinçilik 15 sany birinji ýyl talyba bir ýyl möhlet bilen berler.
Maksatnamanyň şertleri we onlaýn görnüşde arza tabşyrmagyň tertibi barada jikme-jik maglumat bilen şu salgylanmadan tanşyp bilersiňiz.