Turkmenportal logo
27.08.2026
88698869
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Täjigistan bilelikdäki ylmy-amaly maslahaty geçirmäge taýýarlyk işlerini ara alyp maslahatlaşdy

Düýn Türkmenistanyň Duşenbedäki ilçisi A.B. Goçmyradow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik barlaglar merkeziniň direktory H. Usmonzodanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Ilçihananyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, taraplar Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna we türkmen-täjik strategik hyzmatdaşlygyna bagyşlanan bilelikdäki ylmy-amaly maslahata taýýarlyk görmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda şu ýyl Strategik barlaglar merkeziniň «Merkezi Aziýa +» formatynda iki sany bilermenler duşuşygyny geçirendigi bellenildi. Olara Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar bilermenler derejesindäki gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini mälim etdiler — diýlip, çeşmede bellenilýär.