Turkmenportal logo
27.08.2026
88018801
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Maýýa Sanduwy Moldowanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bilen gutlady 

Prezident Serdar Berdimuhamedow Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Maýýa Sanduwa we ýurduň ähli halkyna Moldowa Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berdi.

Döwlet Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Maýýa Sanduwa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Moldowanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.