Turkmenportal logo
26.08.2026
1167611676
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Stomatologiýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Stomatologiýa merkezinde ýerine ýetirilýän işler bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bu ýerde Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow merkezde häzirki wagtda alnyp barylýan işler barada hasabat bermek bilen öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmeginiň netijesinde merkeziň gurluşygy, onuň gurluşygynda ulanylan dürli serişdeler, şol sanda bezeg işleri ornaşdyrylan iň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary we beýlekiler barada giňişleýin maglumatlary berdi.

Täze Stomatologiýa merkezi islendik ýaşdaky raýatlara stomatologiýa hem-de ýüz, äň hirurgiýa lukmançylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge niýetlenilendir. Bu ýerde Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, ABŞ-nyň iň döwrebap lukmançylyk tehnologiki enjamlary oturdylypdyr. Şeýle hem merkezde işlejek ökde hünärmenleri seçip-saýlap almak işleri alnyp barylýar. Stomatologiýa merkezi dolandyryş ulgamyndan, ýatymlaýyn we gatnawly kliniki bölümlerden, hojalyk-tehniki hem-de elektron barlaghana toplumlaryndan ybarat bolup, ýüz tutýan raýatlaryň elektron resminama dolanyşygy arkaly sanly maglumatlary ýöredilip ol ýöriteleşdirilen monitoring maksatnamalary arkaly dolandyrylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti merkeziň bölümlerine aýlanyp göreninden soň, desgany öz wagtynda we ýokary hil derejesinde ulanmaga bermek üçin işlere örän jogapkärçilikli we oýlanyşykly çemeleşmegi tabşyrdy hem-de üstünlikleri arzuw edip bu ýerden ugrady.