Turkmenportal logo
26.08.2026
1143111431
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
AÖB Türkmenistany öz içine alýan taslama üçin 400 million dollar bölüp berer
Surat: report.az

Aziýanyň Ösüş Bankynyň (AÖB) Direktorlar geňeşi umumy maliýeleşdiriş möçberi 400 million amerikan dollaryna deň bolan Serhet gözegçilik-geçiş nokatlaryny döwrebaplaşdyrmagyň sebit maksatnamasyny (BUILD) tassyklady.

«Report» agentliginiň bankyň metbugat beýanatyna salgylanyp, habar bermegine görä, taslama Merkezi Aziýa sebit ykdysady hyzmatdaşlygy (CAREC) maksatnamasynyň çäklerindäki ulag geçelgeleri boýunça ýük daşamalaryň wagtyny we özüne düşýän gymmatyny azaltmaga gönükdirilendir.

Taslama Türkmenistany, Azerbaýjany, Gazagystany, Özbegistany, Gyrgyzystany, Täjigistany,  Owganystany, Gruziýany, Pakistany, Mongoliýany we Hytaýy öz içine alýar.

Maksatnama döwlet serhedinden geçiş nokatlaryndaky obýektleri we amallary kämilleşdirmek, serhetüsti daşamalaryň hem-de ulag geçelgeleriň netijeliligini ýokarlandyrmak ýaly uzakmöhletleýin maksatlara ýetmegi göz öňünde tutýar.

AÖB tarapyndan maksatnama boýunça maliýeleşdirmegiň umumy çägi (ýeňillikli we adaty karz serişdelerini öz içine alýar) 385 million amerikan dollaryndan, grant serişdeleri bolsa 15 million dollaryndan ybaratdyr. Aýratyn taslamany maliýeleşdirmegiň iň ýokary möçberi 50 million dollar bolar.

Mundan başga-da, maksatnamanyň çäklerinde ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň we ýöriteleşdirilen gaznalaryň hasabyna 150 million amerikan dollaryna golaý bilelikdäki maliýeleşdiriş serişdelerini çekmek meýilleşdirilýär.

CAREC-iň seljerme maglumatlaryna görä, sebitde awtomobil geçiş nokatlaryndan geçmegiň ortaça wagty 2010-njy ýyldan 2024-nji ýyla çenli iki esseden gowrak artdy — 6,3 sagatdan 14,1 sagada ýetdi, demir ýol ýüklerini resmileşdirmegiň wagty bolsa 22,1 sagatdan 25,5 sagada çenli köpeldi.

BUILD maksatnamasy diňe bir serhet geçelgeleriniň fiziki düzümleýin meýdançasyny täzelemegi we gözden geçiriş enjamlaryny satyn almagy däl, eýsem, sanly çözgütleri («Bir penjire», töwekgelçilikleri dolandyrmak boýunça emeli aň ulgamlary) ornaşdyrmagy, bilelikdäki geçiş nokatlaryny ösdürmegi we edaralaýyn özara hyzmatdaşlygy kämilleşdirmegi göz öňünde tutýar.