10 — 21-nji awgustda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekili ilkinji gezek Malaýziýanyň Melaka şäherindäki Malaýziýanyň Patyşalyk Gümrük akademiýasynda (AKMAL) geçirilen halkara okuwyna gatnaşdy. Okuw Malaýziýanyň tehniki hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (MTCP) çäklerinde guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.
Okuwyň dowamynda neşe serişdelerini ýüze çykarmak we olaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek, töwekgelçilikleri dolandyrmak, profilleşdirmek, derňew geçirmek hem-de gümrük gözegçiliginiň häzirki zaman usullaryny ulanmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjy ýurtlaryň gümrük edaralarynyň arasynda tejribe alyşmaga we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn üns berildi.
Maksatnamanyň çäklerinde Malaýziýanyň Patyşalyk Gümrük gullugynyň iş tejribesi, halkara howa menzilinde we deňiz portlarynda gümrük gözegçiliginiň guralyşy, şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylyşy bilen tanyşyldy.