Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen toparynyň başlygy Hiroýuki Subaý bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdi.
Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, gepleşikleriň barşynda taraplar geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen toparlarynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly özara ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, gaz-himiýa senagaty, ulag, sirkulýar ykdysadyýet we beýleki ugurlar boýunça taslamalaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada gürrüň edildi.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça toparlaryň bilelikdäki mejlisiniň işiniň gün tertibiniň we maksatnamasynyň esasy ugurlary, şeýle-de onuň netijeleri boýunça gol çekilmegi meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn resminamalaryň taýýarlyk meseleleri boýunça ylalaşyklar gazanyldy.
Ýeri gelende ýatlatsak, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen toparlarynyň 16-njy mejlisi 14 — 16-njy dekabr aralygynda Tokioda geçiriler.