Turkmenportal logo
26.08.2026
95729572
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlaryna 100 müňden gowrak myhman gatnaşar
Surat: rg.ru

Bişkekde 31-nji awgustda açylyş dabarasy boljak VI Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlaryna 110-dan gowrak ýurtdan 100 müňden gowrak myhmanyň gelmegine garaşylýar. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Syýahatçylygy ösdürmek boýunça döwlet agentligine salgylanýan ýerli «Kabar» habarlar gullugy habar berdi.

Şol sanda oýunlara 3 müň türgen gatnaşar, resmi wekilçilikli toparlaryň umumy sany bolsa 4-den 5 müňe çenli bolar.

Galyberse-de, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň bir müň töweregi wekiliniň gelmegine garaşylýar, olaryň hatarynda ýerli we daşary ýurtly žurnalistler, blogerler hem-de sport çärelerini dünýä derejesinde beýan etjek operatorlar bolar. Daşary ýurtly hem-de içki syýahatçylaryň sany çaklamalara görä, 85—100 müň adama ýeter.

Edarada soňky ýyllarda Günbatarda çarwa medeniýetine we durmuş pelsepesine gyzyklanmanyň artýandygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropadan we amerikan yklymyndan syýahatçylaryň köp gelmegine garaşylýar. Etnomedeniýeti halaýanlar üçin Çarwadarlaryň oýunlary hakyky sowgat bolar. Ikinjiden, oýunlara Ýaponiýada, Günorta Koreýada we Hytaýda hem gyzyklanma artýar.

«Däp bolşy ýaly, janköýerleriň iň köpüsi Merkezi Aziýa ýurtlaryndan, ýagny Gazagystandan, Özbegistandan, Türkmenistandan we Täjigistandan, şeýle hem Türkiýeden, Azerbaýjandan we GDA agza ýurtlardan gelerler. Çarwadarlaryň VI bütindünýä oýunlary Gündogary we Günbatary, Demirgazygy we Günortany birleşdirýän ählumumy meýdançadyr» diýip, Syýahatçylyk boýunça döwlet agentliginde nygtadylar.

VI Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasy 51 müň tomaşaça niýetlenen «Bişkek-Arena» stadionynda bolar. Esasy sport we medeni çäreler 1—6-njy sentýabr aralygynda Yssykköl oblastynda geçer.