Turkmenportal logo
26.08.2026
86168616
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýanyň mekdeplerinde 1-nji sentýabrdan sapak wagty telefon ulanmak gadagan ediler

Russiýanyň mekdeplerinde 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap, sapak wagtynda ykjam telefonlary ulanmak resmi taýdan gadagan ediler. Bu barada RBK habarlar agentligi habar berýär.

Russiýanyň Bilim ministrliginiň buýrugyna laýyklykda, okuwçylara okuw sapaklarynyň dowamynda ykjam aragatnaşyk serişdelerinden peýdalanmak gadagan edilýär. Diňe okuwçylaryň ýa-da mekdep işgärleriniň janyna ýa-da saglygyna howp abanýan ýagdaýlarda, şeýle hem beýleki adatdan daşary ýagdaýlarda  ykjam telefonlardan bu düzgünden kadadan çykma hökmünde peýdalanylyp bilner.

Bu düzgün hut sapak wagtynda telefon ulanmak bilen bagly bolup, mekdebiň çäginde elektron enjamlary ulanmagy doly gadagan etmeýär. Uly arakesmeler wagtynda smartfonlardan peýdalanmagyň tertibini bolsa her bir mekdep özbaşdak kesgitläp biler.