Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň habar bermegine görä, türkmen küştçüsi Allaýar Şirliýew Abu-Dabide geçirilen 32-nji Halkara küşt festiwalynyň çäklerindäki «Open A» ýaryşynyň ýeňijisi boldy.
Bäsleşik şu ýylyň 15–24-nji awgust aralygynda Birleşen Arap Emirliklerinde geçirildi.
FIDE reýtingi 2184 bolan Şirliýew mümkin bolan 9 utukdan 8 utuk toplap, birinji orny eýeledi. Ol reýtingi boýunça özünden has ýokary derejede duran iki halkara ussadyndan öňe geçmegi başardy. 7,5 utuk bilen siriýaly Başir Eýti ikinji, filippinli Riçiliýe III Salsedo bolsa üçünji orny eýeledi. Ýaryşyň netijesinde türkmen türgeniniň reýtingi 40,6 utuk ýokarlandy.
«Open A» ýaryşy şweýsar ulgamy boýunça dokuz tapgyrda geçirildi. Oýunlaryň wagt gözegçiligi nusgawy tertipde bolup, her döw 90 minut berildi we her göçüm üçin ýene 30 sekunt goşuldy. Open A ýyryşyndan başga-da, festiwalyň maksatnamasyna däp bolşy ýaly, «Masters», «Open B» we «Juniors U16» derejedäki ýaryşlar hem girizildi. Masters ýaryşynda, hususan-da, Russiýanyň grossmeýsteri Daniil Dubow, Hindistanyň grossmeýsterleri Pa Iniýan, Anand Pranaw, S. L. Naraýanan we Abhidjit Gupta, Ermenistanyň wekili Dawid Parawýan, şeýle-de Aleksandr Rahmanow bilen Iwan Zemlýanskiý çykyş etdiler.
Allaýar Şirliýew 2003-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Aşgabatda dünýä indi. Ol tälimçi Şöhrat Myratgulyýewiň şägirdidir. Türgen, hususan-da, gözleri daňylan ýagdaýda küşt oýnamak boýunça geçiren oýunlary bilen tanalýar: ol ilki 25 we 31 tagtada şeýle oýunlary geçirdi, soňra bolsa bir wagtyň özünde 40 döwi gözleri daňylan ýagdaýda oýnady. Şirliýew mundan ozal hem birnäçe meşhur grossmeýsterden üstün çykypdy. Olaryň arasynda amerikaly Gata Kamski we azerbaýjanly Şahriýar Mämmedýarow hem bar.