Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Medeniýet we syýahat» žurnaly ýurduň raýatlary üçin otly bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna syýahatlary guraýar. Dynç alyşlar 2026-njy ýylyň 14-nji sentýabryndan başlap, üç we bäş günlük syýahat görnüşinde elýeterli bolar.
Syýahatçylar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň çäginde ýerleşýän «Şowhun» kottej toplumynda ýerleşdiriler.
Goşmaça maglumatlary almak we syýahata ýazylmak üçin şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: 44 01 40, +993 65 561637, +993 63 276674, +993 65 839249.