Hindistan 2022-nji ýyldan bäri hereket edýän bugdaýyň eksportyna gadaganlygy ýatyrdy diýip, «Bloomberg» agentligi habar berdi.
Agentlik bu çözgüt Gara deňizdäki ýagdaý sebäpli dünýä bazarynda emele gelen dartgynlylygy gowşadar diýip belleýär.
Hindistan dünýäde iň köp bugdaý öndüriji ýurtlaryň biridir. Soňky alnan hasylyň möçberi taryhy rekorda, ýagny 120,6 million tonna deň boldy, şol sanda geljek hasyl möwsüminde ýurduň içerki ätiýaçlyk gorlary hem rekord derejä ýeter diýip, ABŞ-nyň Oba hojalyk ministrligi çaklaýar.
«Bloomberg» hindi bugdaýynyň daşary bazarlara çykarylmagynyň azyk howpsuzlygy hem-de hasyla howp salan yssy sebäpli gadagan edilendigini ýatladýar.