Turkmenportal logo
26.08.2026
1995319953
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hytaý Halk Respublikasy Türkmenistan üçin her ýyl 100 döwlet talyp hakyndan ybarat kwota bölüp berýär

Hytaý Halk Respublikasy Türkmenistan üçin her ýyl talyplara niýetlenen 100 sany döwlet talyp hakyndan ybarat kwota bölüp berýär. Bu barada Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom sebitiniň Bilim müdirliginiň partiýa komitetiniň sekretary Li Guolýanyň sözleri «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň sahypalarynda berilýär.

«Bilim geljegiň binýadydyr. Şonuň üçin biz Sinszýanda Türkmenistan bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýäris. Biz diňe niýetlerimizi beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem anyk işlere geçýäris: türkmen talyplary üçin her ýyl 100 döwlet talyp hakyndan ybarat kwotanyň bölünip berilmegi biziň ýurtlarymyz üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga goşýan goşandymyzdyr. Biz Türkmenistanyň zehinli ýaşlaryny ýokary okuw mekdeplerimizde sabyrsyzlyk bilen garşylamaga garaşýarys» — diýip, ol aýtdy.

Şeýle hem HHR-nyň wekiliýetiniň şu gezekki Türkmenistana saparynyň «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitinde gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde möhüm ädim bolandygy bellenildi. Myhmanlar türkmen kärdeşleri tarapyndan görkezilen mähirli we myhmansöýerlikli kabul edişlikden hoşal boldular.

Ylmy hyzmatdaşlygyň geljegi hem aýratyn bellenildi. Hytaýyň öňdebaryjy uniwersitetleri bilen hyzmatdaşlygyň we Sinszýan ýokary barlaglar institutynyň alyp barýan işleriniň netijesinde hytaý tarapy türkmen alymlaryna energetika, gurak ýerlerde oba hojalygyny ösdürmek we lukmançylyk ýaly möhüm ugurlarda bilelikdäki ylmy gözlegleri geçirmek üçin özboluşly platformany hödürleýär.