Turkmenportal logo
26.08.2026
91929192
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Nuhuň gämisini gözleýjiler ylmy öňegidişlik barada habar berdiler
Surat: aif.by

Ararat dagynyň etrabynda Nuhuň gämisini gözlemek bilen meşgullanýan «Noah's Ark Scans» höwesjeňler topary öz ylmy barlaglaryndaky öňegidişlik barada habar berdiler diýip, «Daily Star» neşiri habar berdi.

Olaryň ünsüni Türkiýäniň gündogaryndaky daglarda üstünden barlan Dýrupinar geologik üýtgeşmesi özüne çekdi, ol äpet gaýygy ýatladýar. Şol ýeriň radiolokasion skanirlenmegi birgiden adatdan daşary özgermeleri ýüze çykardy.

«Noah's Ark Scans» taslamasyna gatnaşylar ady agzalan çäkde ýeriň birnäçe tapawutly gatlaklaryny tapdylar, 20 metrlik çuňlukda bolsa, nähilidir göni burçlar hasaba alyndy, olar elde ýasalan geň gurnamalary ýatladýar.

Şol bir wagtda bu alnan maglumatlaryň deslapkydygy, heniz belli bir netije çykarmakdan irdigi bellenýär.