Turkmenportal logo
26.08.2026
1283012830
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen döwlet uniwersitetinde «Merkezi Aziýa — Hytaý» merkeziniň tanyşdyrylyşy geçirildi

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň wekiliýetiniň resmi saparyna gabatlanyp, bilim ulgamynda alyş-çalyş we hyzmatdaşlyk boýunça «Merkezi Aziýa — Hytaý» merkeziniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Duşuşygyň başynda gatnaşyjylara «Merkezi Aziýa — Hytaý» merkeziniň işini we halkara bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki ornuny giňden şöhlelendirýän wideomateriallar görkezildi.

Tanyşdyrylyşyň çäklerinde iki ýurduň degişli edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda netijeli duşuşyk geçirildi.

Çykyş edenler ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni aragatnaşyklary ýola goýmagyň, bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmegiň hem-de talyplaryň we mugallymlaryň alyş-çalyş maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň wajypdygyny bellediler.

Magtymguly adyndaky TDU-nyň Sinszýan uniwersiteti we Pekin daşary ýurt dilleri uniwersiteti bilen gol çeken ähtnamalarynyň esasynda akademik gatnaşyklary giňeltmek, hünär derejesini ýokarlandyrmak we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça ulgamlaýyn işleriň alnyp barylýandygy nygtaldy.

Duşuşygyň dabaraly pursady Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýony tarapyndan Magtymguly adyndaky TDU-nyň kitaphanasyna kitaplaryň sowgat berilmegi boldy.