Turkmenportal logo
26.08.2026
95869586
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Bäherden etrabyndaky baglary damjalaýyn suwarmak üçin bäsleşik yglan etdi

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň «Arçman» daýhan birleşiginiň çäginden bölünip berlen ýer böleginde baglary suwarmak üçin damjalaýyn suwaryş ulgamynyň gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirmek boýunça bäsleşik yglan edýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänleriň resminamalary şu ýylyň 21-nji sentýabryna, sagat 10:00-a çenli kabul edilýär.

Bäsleşik Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda 23-nji sentýabrda sagat 10:00-da başlanýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-44-55, 55-73-51.