Turkmenportal logo
26.08.2026
1115111151
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde ýylyň başyndan bäri 11 hakaton geçirildi

Ylmy barlaglaryň netijelerini täjirleşdirmek we bilimiň, ylmyň, innowasiýalaryň arabaglanyşygyny pugtalandyrmak maksady bilen, şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde hakaton bäsleşikleriniň (belli bir wezipeleri çözmek üçin kesgitli wagtyň dowamynda geçirilýän toparlaýyn bäsleşikler) 11-si, startap bäsleşikleriniň 3-si geçirildi hem-de olardan saldamly girdeji gazanyldy. Bu barada TDH agentligi habar berýär.

Ylmy-barlag işleriniň netijeleri üçin milli derejeli şahadatnamalaryň (patent) 320-si alyndy. Bu görkezijiler ýokary okuw mekdeplerinde ylmy işleriň işjeňleşýändigini, olaryň ykdysady taýdan netijeliliginiň ýokarlanýandygyny görkezýär.

Mundan başga-da, ýokary okuw mekdepleri tarapyndan 23 sany halkara çäre, şol sanda halkara olimpiadalaryň 10-sy, halkara ylmy-amaly maslahatlaryň 13-si ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Bu çäreler dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy merkezleriniň, halkara guramalaryň wekillerini bir ýere jemledi.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň Strategiýasy durmuşa geçirilýär.