Turkmenportal logo
26.08.2026
77967796
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ylmy-amaly maslahat geçirildi

Ýakynda belleniljek Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary derejeli inžener-tehniki hünärmenleri taýýarlamagyň wajyplygy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Uniwersitetiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, maslahata ýurdumyzyň ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary, talyplary, alymlary, şeýle hem ylmy edaralaryň wekilleri işjeň gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda geljekki hünärmenleri taýýarlamakda pedagogik işiň kämilleşdirilmegine bagyşlanan çykyşlar diňlenildi.