Turkmenportal logo
Şu gün 16:38
20242024
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan we Özbegistan LEFF kinofestiwalynda «Magtymguly» filmini bilelikde tanyşdyrdylar

Türkmenistan 20–22-nji awgust aralygynda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen Russiýanyň we ýakyn daşary ýurtlaryň VII halkara «Lendoc Film Festival» kinofestiwalyna (LEFF) gatnaşdy.

Şu ýyl festiwalyň kino maksatnamasynda 13 ýurduň — Russiýanyň, Hindistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Hytaýyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Belarusyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Indoneziýanyň, Mawritaniýanyň we Latwiýanyň filmleri görkezildi. Filmleriň käbiri bilelikde döredilen kino eserleridir.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýasynyň wekilleri bäsleşikden daşary maksatnamanyň çäklerinde «Magtymguly» çeper filmini tomaşaçylara hödürlediler. Film XVIII asyrda ýaşan beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan biografik kino eseri bolup, ol onuň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli bilelikde düşürildi. Film 2024-nji ýylda döredildi.

LEFF kinofestiwaly GDA ýurtlarynyň we ýakyn daşary ýurtlaryň kinematografiýasynyň wekilleriniň bilelikdäki kino taslamalaryny durmuşa geçirmegi we işewür gatnaşyklaryny pugtalandyrmagy üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär. «Lendok» kinostudiýasy 2021-nji ýyldan bäri GDA-nyň ýurtlarynyň kinostudiýalarynyň Geňeşiniň agzasydyr. Geňeşiň işi bilelikdäki taslamalary döretmäge we dostlukly döwletleriň arasynda medeni gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilendir.