Turkmenportal logo
25.08.2026
90349034
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Azerbaýjan 7 aýda 17 müňden gowrak türkmenistanly jahankeşdäni kabul etdi
Surat: rbc.ru

Azerbaýjan 2026-njy ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda 17 müňden gowrak türkmenistanly jahankeşdäni kabul etdi. Bu barada «Report» habar berdi. 

Türkmenistan hasabat döwründe Azerbaýjana syýahat eden raýatlarynyň sany boýunça 13-nji ýeri eýeledi. Ýylyň birinji ýarymynda Azerbaýjana baran daşary ýurtly jahankeşdeleriň umumy sany 1 million 342,6 müňe deň bolup, şonuň 1,3 göterimi türkmenistanly syýahatçylardyr.

Habarda bellenilişine görä, 6 aýyň dowamynda Azerbaýjana syýahat eden raýatlarynyň sany babatda Russiýa, Türkiýe we Eýran öňdäki orunlary eýeleýärler.