Turkmenportal logo
Şu gün 14:45
30513051
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Tatar gyzy – 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry 7-8-nji oktýabrda Türkmenistanda geçiriler

«Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyry 7-8-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler. Bu barada Bütindünýä tatar kongressiniň ýörite taslamalar bilen işlemek boýunça komitetiniň ýolbaşçysy Almaz Haliullin «Tatmedia» neşirine habar berdi.

Ýeri gelende ýatlatsak, jemleýji tapgyry geçirmek hukugyna Türkmenistan geçen möwsümiň netijeleri boýunça eýe boldy: bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, guramaçy ýurt öňki ýylyň ýeňijisiniň doglan ýeri boýunça kesgitlenilýär. Orenburgda guralan geçen möwsümiň jemleýji tapgyrynda «Tatar gyzy – 2025» diýen ada Türkmenistanda doglan Alsu Rafikowa mynasyp bolupdy.

Jemleýji tapgyry Türkmenistanda geçirmäge taýýarlyk işleri ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylýar. Golaýda Bütindünýä tatar kongressiniň Milli geňeşiniň başlygy, Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Wasil Şaýhraziýew iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Ol Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahargül Seýidowa we ýurduň medeniýet ministri Gurbanmyrat Myradaliýew bilen gepleşikleri geçirdi, şeýle hem jemleýji çäreleriň geçiriljek ýeri bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky meýdança baryp gördi. Mundan başga-da, saparyň çäklerinde Türkmenbaşy şäheriniň häkimi Nyýazjan Nyýazjanow bilen duşuşyk geçirilip, şäher häkimliginiň çäräni guramakda gerekli ýardamy bermäge taýýardygy tassyklandy.

Bäsleşigiň ýarym final tapgyry 24-nji awgustda Kazanda başlandy we 30-njy awgusta çenli dowam eder. Oňa Russiýanyň sebitlerinden we daşary ýurtlardan tatar halkynyň wekilleri bolan 26 gyz gatnaşýar. Bir hepdäniň netijeleri boýunça (bu döwürde gatnaşyjylara intellektual we döredijilik synaglary, şeýle hem sosial we medeni taslamalary goramak boýunça çykyş ederler) Türkmenistanda baş baýrak üçin göreşi dowam etdirjek 12 finalist kesgitleniler.

Bäsleşigiň direksiýasynyň başlygy Almaz Haliulliniň habar bermegine görä, bu ýylky maksatnama ilkinji gezek ýaýdan ok atmak boýunça synag hem girizildi. Onuň sözlerine görä, bu gatnaşyjylaryň çalasynlygyny, durnuklylygyny we milli ruhuny görkezýän özboluşly bäsleşikdir.

«Tatar gyzy» bäsleşigi Bütindünýä tatar kongressi tarapyndan amala aşyrylyp, ol tatar halkynyň dilini, medeniýetini we däp-dessurlaryny saklamaga hem-de wagyz etmäge gönükdirilendir. Sebitlerdäki seçip alyş tapgyrlary her ýyl Russiýanyň onlarça sebitinde we daşary ýurtlarda geçirilip, taslama müňlerçe tatar gyzy gatnaşýar.