Turkmenportal logo
Şu gün 10:22
16061606
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Belet» platformasynda Jeýson Stethemiň gatnaşmagynda «Gozgalaň» atly film elýeterli boldy

«Belet» striming platformasynda «Gozgalaň» (iňl. Mutiny) atly söweşjeň filmi görkezilip başlandy, onda baş keşp meşhur aktýor Jeýson Stethem tarapyndan ýerine ýetirilýär.

Filmiň režissýory Žan-Fransua Rişe bolup, ol «Döwletiň duşmany №1» filmi bilen tanalýar. Filmiň ssenariýsini Lindsi Mişel we J. P. Dewis ýazdylar. Jeýson Stethemden başga-da, filmiň aktýorlarynyň hatarynda Annabell Uollis, Edrian Lester, Ramon Tikaram we Roland Möllerçykyş edýärler.

Filmiň wakalaryna görä, iri telekeçiniň kömekçisi Kol Rid öz iş berijisi bolan milliarder işewüriň öldürilmegine şaýat bolýar. Ol esasy şübhelenilýän adama öwrülensoň, hukuk goraýjy edaralardan gizlenmäge we şol bir wagtyň özünde öz günäsizdigini subut etmek üçin halkara dildüwşüginiň üstüni açmaga mejbur bolýar. Filmde esasy wakalar ýük daşaýan gämide bolup geçýär.

Filmiň dünýä premýerasy 2026-njy ýylyň 21-nji awgustynda geçirildi. Filmi paýlamak hukugy «Lionsgate» kompaniýasyna degişlidir.

«Gozgalaň» filmi Jeýson Stethemiň gatnaşmagyndaky söweşjeň filmleriň hataryny dowam etdirýär. Aktýor mundan ozal «Daşaýjy», «Adrenalin», «Gaçybatalga» ýaly filmlerde hem baş keşpleri ýerine ýetiripdi.