Turkmenportal logo
Şu gün 10:03
45334533
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Balkan welaýatynda ýangyn howpsuzlygy bölüminiň täze binasy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýangyn howpsuzlygy bölüminiň täze binasynyň gurluşygy boýunça bäsleşik yglan etdi. Bäsleşik Türkmenistanyň Içerki işler ministrliginiň sargyt etmeginde geçirilýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär. Haýyşnamalary hem-de teklipleri kabul etmek şu ýylyň 7-nji oktýabryna çenli dowam eder.

Salgy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 84-nji jaý. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-77, 44-46-64.