Düýn Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 150 000,00 ABŞ dollary möçberinde söwda şertnamasy baglaşyldy.
Birža söwdalarynyň netijesinde Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri türkmen telekeçilerinden 1-nji sortly arassalanan (rafinirlenen) pagta ýagyny satyn aldylar. Bu barada Döwlet haryt-çig mal biržasynyň saýtynda habar berilýär.