Turkmenportal logo
25.08.2026
93799379
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BAE-niň telekeçileri Türkmenistandan 150 müň dollarlyk pagta ýagyny satyn aldylar

Düýn Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 150 000,00 ABŞ dollary möçberinde söwda şertnamasy baglaşyldy.

Birža söwdalarynyň netijesinde Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri türkmen telekeçilerinden 1-nji sortly arassalanan (rafinirlenen) pagta ýagyny satyn aldylar. Bu barada Döwlet haryt-çig mal biržasynyň saýtynda habar berilýär.