Turkmenportal logo
Düýn 22:43
47464746
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeşiň täze saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow jenap Mirza Fahrul Yslam Alamgire Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Yslam Alamgire tüýs ýürekden berk jan saglyk, egsilmez gujur-gaýrat, şeýle hem Bangladeş halkynyň öňe gitmegine we gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda we işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.