Moskwada geçirilen V Halkara çagalar medeni forumynyň esasy wakasyna öwrülen «Dostluk» gala-konsertinde türkmenistanly ýaş artist Aýşat Rejepowanyň tans çykyşy tomaşaçylary haýran galdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy habar berdi.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçysy Aýşat Rejepowa görnükli türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň sazy esasynda döredilen «Meniň dutarym» atly tans çykyşyny ýerine ýetirdi. Guramaçylaryň bellemegine görä, tansyň milli öwüşgininiň, halk saz guralynyň owazynyň ýaňlanmagynyň we häzirki zaman ritmleriniň utgaşmasyny tomaşaçylar uly joşgun bilen garşyladylar.
Türkmen medeniýetiniň baý däp-dessurlaryny özüne siňdiren N.Halmämmedowyň döredijiligi diňe bir kompozitoryň ata Watanynda däl, eýsem, onuň çäklerinden örän uzakda hem ýaňlanmagyny dowam etdirýär diýlip, habarda bellenilýär.

Ýeri gelende bellesek, Moskwada Halkara çagalar medeni forumy her ýyl geçirilýär. Ol Russiýadan hem-de birnäçe daşary ýurtlardan gelen zehinli çagalary bir ýere jemleýär. Bu meýdança ýaş gatnaşyjylara ussat halypalar, ýerine ýetirijiler, döwlet we jemgyýetçilik işgärleri bilen pikir alyşmaga, öz zehinlerini görkezmäge, tejribe alyşmaga hem-de medeniýeti ösdürmek we sungatda özüňi görkezmek baradaky ideýalaryny paýlaşmaga mümkinçilik berýär.