Turkmenportal logo
19.08.2026
1253812538
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Eýranyň «Gol Gohar» kluby AFK-2 Çempionlar ligasyndaky öz meýdançasyndaky duşuşyklaryny Täjigistanda geçirer

Eýranyň «Gol Gohar» futbol kluby 2026/27-nji ýylyň möwsüminde AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda Türkmenistanyň «Arkadag» toparynyň garşydaşy bolup, ýaryşda öz meýdançasyndaky duşuşyklaryny Täjigistanyň «Gissar» stadionynda geçirer. Bu barada klubyň metbugat gullugy habar berdi.

Täze möwsümde Aziýanyň klub ýaryşlarynda çykyş etjek eýran klublaryna garşydaşlaryny öz ýurdunda kabul etmäge rugsat berilmez. Aziýanyň futbol konfederasiýasy (AFK) olary öz meýdançasyndaky duşuşyklary üçin daşary ýurtlardaky stadionlary saýlamaga borçly etdi. «Gol Gohar» birnäçe mümkinçilikleri gözden geçirenden soň, oýunlary Täjigistanda geçirmek kararyna geldi.

Sirjandan bolan klub «B» toparçada BAE-niň «Al-Jazira», Bahreýniň «Al-Muharrak» we Türkmenistanyň «Arkadag» klublary bilen bilelikde çykyş eder. Ýaryşyň bije çekişligi Kuala-Lumpurda geçirildi.

«Gol Gohar» bilen «Arkadag» klublary toparçalaýyn tapgyryň üçünji tapgyrynda duşuşarlar. Bu oýun 28-nji oktýabrda Gissar şäherinde geçiriler. Jogap duşuşygy bolsa 4-nji noýabrda Türkmenistanda «Arkadag» stadionynda bolar.

AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna jemi 32 topar gatnaşar. Olar sekiz toparça bölünip, Günbatar we Gündogar zolaklarynyň hersinde dört toparça ýerleşdiriler. Her toparçadan iň gowy iki topar pleý-off tapgyryna çykar.

Toparçalaýyn tapgyryň ilkinji duşuşyklary 15–16-njy we 16–17-nji sentýabrda, ýaryşyň final duşuşygy bolsa 2027-nji ýylyň 15-nji maýynda geçiriler.