Turkmenportal logo
19.08.2026
1068110681
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda bejeriş palçyklarynyň we deňiz duzunyň önümçiligini giňeltmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň günbatarynda, Jebel şäherçesinde ýerleşýän bejeriş palçyklaryny we deňiz duzuny gaplamak boýunça kärhananyň önümleri ýurduň ähli künjeklerindäki şypahanalara, saglygy goraýyş edaralaryna, bejeriş-dikeldiş merkezlerine, hassahanalara, sagaldyş öýlerine we dermanhanalara yzygiderli ýetirilýär.

Kärhanada her ýylda jemi 400 müň gap bejeriş we kosmetiki önüm öndürmäge mümkinçilik bar. Şol sanda Mollagara palçyklarynyň 200 müň gap, wulkan palçyklarynyň we deňiz duzunyň bolsa hersiniň 100 müň gapyny öndürmek mümkin. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Önümçilik Italiýadan, Türkiýeden, Ýaponiýadan, Belgiýadan we Fransiýadan getirilen öňdebaryjy ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilendir.

Türkmenistan bejergi we sagaldyş üçin zerur bolan tebigy baýlyklara örän baýdyr. Şolaryň hatarynda sagaldyş işinde möhüm orun eýeleýän bejeriş palçyklary we deňiz duzy hem bar. Öz şypaly palçyklary bilen meşhur bolan Mollagara köli diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem dünýäde hem giňden tanalýar. Soňky ýyllarda Mollagara palçygynyň kosmetologik aýratynlyklary jikme-jik öwrenildi we onuň derä oňyn täsir edýändigi tassyklanyldy. Ol öýjükleriň täzelenmegini çaltlandyrýar, deriniň tonusyny ýokarlandyrýar, deri astyndaky gan aýlanyşygyny kadalaşdyrýar, derä ýumşaklyk berýär we ony täzelendirýär.

Ýokary bejeriş häsiýetlerine Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň çäginde ýerleşýän täsin wulkanlaryň palçyklary hem eýedir. Olaryň düzüminde köp sanly gymmatly mikroelementler bar. Şonuň netijesinde bu palçylyklar kosmetologiýada, şeýle hem lukmançylykda — deri, ýürek-damar we içege kesellerini, şeýle-de önelgesizligi bejermekde giňden ulanylýar.

Ýanwar-awgust aýlarynda kärhana sarp edijilere bejeriş palçyklarynyň we deňiz duzunyň ýüzlerçe gabyny iberdi. Kärhana önümçiligiň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmagy we önümleriň görnüşlerini giňeltmegi maksat edinýär.