«Türkmenhowaýollary» agentliginiň saýtyndaky uçuşlar tertibinden mälim bolşuna ýere, awiakompaniýa 25-nji oktýabrdan başlap Aşgabatdan Kazana amala aşyrylýan uçuşlaryň ýygylygyny hepdede dörtden alty gezekliçe köpelder. Netijede penşenbe we anna günleri hem uçuşlar amala aşyrylar.
Häzirki wagtda bu ugur boýunça uçuşlar sişenbe, çarşenbe, şenbe we ýekşenbe günleri ýerine ýetirilýär. 25-nji oktýabrdan başlap olara penşenbe we anna günleri hem goşular. Şeýle hem birnäçe uçuşyň wagty üýtgediler: hususan-da, ýekşenbe günki T5-737 gatnawy irdenki wagtdan agşama geçirilip, uçuş indi sagat 09:25-iň ýerine 22:45-e meýilleşdirildi.
Kazan ugrundan başga-da, awiakompaniýa anna günleri goşulmagy bilen Hoşimine uçuşlaryň ýygylygyny hepdede ikiden üçe, penşenbe günki gatnawyň goşulmagy sebäpli Seula birden ikä, şeýle hem anna günki täze gatnaw arkaly Milana ikiden üçe çenli köpelder. Mundan ozal 25-nji oktýabrdan başlap Stambula hem uçuşlaryň ýygylygynyň hepdede 12-den 13-e çenli artjakdygy habar berlipdi.
Şunda Deli şäherine amala aşyrylýan uçuşlaryň sany hepdede üçden ikä düşüriler: tertipden şenbe günki gatnaw aýryldy.
Beýleki ugurlarda — Pekin, Bangkok, Kuala-Lumpur, London we Frankfurt şäherlerinde uçuşlaryň ýygylygy üýtgemeýär, ýöne käbir uçuşlaryň ugraýan wagty düzgünleşdiriler.