Turkmenportal logo
Şu gün 14:40
24492449
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ilçisi Eýranyň atlyçylyk federasiýasynyň ýolbaşçysyna çakylyk gowşurdy

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky ilçisi I. Gaýypow 15-nji awgustda Eýran Yslam Respublikasynyň Atçylyk federasiýasynyň prezidenti Mahmud Heýdari bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda 4–6-njy sentýabrda Niderlandlar Patyşalygynda geçiriljek ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara çärelerine gatnaşmak üçin çakylyk hatyny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministrligi habar berýär.

Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça hem pikir alyşdylar. Çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, M. Heýdari Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň degişli edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini öwrenmegi, şeýle hem Türkmenistanda we Eýranda bilelikdäki atçylyk ýaryşlaryny guramagy teklip etdi.