Turkmenportal logo
Şu gün 11:02
46814681
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Baýram üçin hem, çaý başynda-da: «Zyýat Hiliň» süýjülik önümleri

Baýram diňe bir gutlaglardan däl-de, eýsem saçagyň üstündäki owadan tortdan hem başlanýar. Käwagt bolsa keýpiçaglyk üçin täze bişirilen köke we bir käse hoşboý ysly çaý hem ýeterlik bolýar.

«Zyýat Hil» konditer dükanlarynyň ulgamy tortlaryň, kökeleriň, süýji-kökeleriň we beýleki süýjülikleriň giň görnüşini hödürleýär. Önümleriň arasynda meşhur nusgawy tortlar, döwrebap desertler, ruletler we gündelik durmuş üçin dürli görnüşli bişirilýän önümler bar.

Baýramçylyk tortlaryna aýratyn üns berilýär. Olary doglan gün, toý, ýubileý ýa-da beýleki möhüm çäreler üçin saýlap bolýar.

«Zyýat Hil» süýjülikleri ýakymly pursatlaryň aýrylmaz bölegine öwürmegi maksat edinýär — adaty maşgaladaky çaý başyndan başlap, uly dabaralara çenli.

Müşderilere amatly bolmagy üçin sargytlar her gün 8:00-dan 22:45-e çenli, dynç günsüz kabul edilýär. 150 manat we ondan ýokary möçberde sargyt edilende, Aşgabat we Gökdepe etraplarynyň çäginde eltip bermek mugt amala aşyrylýar.

«Zyýat Hil» bilen — goý ol doglan gün, maşgala dabarasy ýa-da dostlaryň duşuşygy bolsun, tapawudy ýok, her bir baýramçylyk aýratyn öwüşgine eýe bolýar.

«Zyýat Hiliň» firma dükanlary şu salgylarda ýerleşýär:

Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, jaý 254,
tel.: (+993 12) 35 37 13, (+993 62) 02 13 61;

Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýra» söwda merkezi, 
tel.: (+993 12) 29 35 03, (+993 62) 02 13 62;

Gurtly-3 ýaşaýyş toplumy, 1-nji gat, 
tel.: (+993 12) 97 95 06, (+993 62) 02 13 63.

«Zyýat Hiliň» sosial ulgamdaky sahypasy.