Turkmenportal logo
Şu gün 09:05
59655965
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Mary welaýat tapgyry geçirildi

«Ýaňlan, Diýarym! — 2026» telebäsleşiginiň Mary welaýat tapgyry geçirildi. Ýaşlaryň arasyndan täze zehinleri ýüze çykarýan aýdym-saz telebäsleşiginiň welaýat tapgyry Mary şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada guraldy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bäsleşige etrap, şäher tapgyrlarynda ýeňiş gazanyp, öňe saýlanan ýaş höwesjeň aýdymçylaryň 10-sy gatnaşdy. 

Ýaş zehinleriň bäsleşigiň dowamynda sahnada özlerini alyp baryşlaryna, egin-eşiklerine, aýdymlaryň sözlerini dogry ýerine ýetirişlerine eminler topary tarapyndan mynasyp baha berildi. Bäsleşigiň jemleýji pursadynda aýdymçylaryň Annageldi Källiýewiň sözlerine, Muhammet Amanowyň sazyna döredilen «Ýaňlan, Diýarym!» atly aýdymy bilelikde ýerine ýetirdiler. 

Bäsleşikde ýaş zehinleriň 5-si deň netije gazanyp (her biri 70 utuk toplady), bäsdeşlerinden öňe saýlanmagy başardy. Eminler toparynyň gelen netijelerine görä, aýdymçylaryň ikisi — Mary şäheriniň «Margiana» medeniýet köşgüniň höwesjeň aýdymçysy Uzukjemal Pälwanowa hem-de Marynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky medeniýet köşgüniň höwesjeň aýdymçysy Mähri Akmyradowa ýeňiji diýlip yglan edildi. Şeýlelikde, olar «Ýaňlan, Diýarym! — 2026» telebäsleşiginiň döwlet derejesinde geçiriljek tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Mary welaýat tapgyry geçirildi | Turkmenportal.com