Turkmenportal logo
Şu gün 13:57
49864986
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Oman kompaniýasy Türkmenistanyň nebit önümlerine gyzyklanma bildirýär

Oman Soltanlygynda hasaba alnan «DUX Middle East (FZC) LLC» kompaniýasy Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) öndürilýän nebit önümlerini satyn almaga gyzyklanma bildirdi. Bu barada Türkmenistanyň Saud Arabystanyndaky ilçihanasynyň habarynda aýdylýar.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky, şol bir wagtyň özünde Oman Soltanlygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazow kompaniýanyň başlygy hem-de ýerine ýetiriji direktory Rasul Guliýewi kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda «DUX Middle East» kompaniýasynyň ýolbaşçysy ilçä kompaniýanyň işi barada gürrüň berdi we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümlerine gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.

Şeýle hem ilçi söhbetdeşini 2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT 2026» atly XXXI halkara maslahatyna hem-de sergisine gatnaşmaga çagyrdy.