Turkmenportal logo
Şu gün 09:35
46434643
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Germaniýada dil okuwyny geçmek üçin granta eýe boldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 4-nji ýyl talyby Germaniýanyň Akademiki alyş-çalyş gullugynyň (DAAD) grantyna mynasyp bolup, Germaniýa Federatiw Respublikasynda geçirilýän halkara «Hochschulsommerkurse» maksatnamasynyň çäklerinde nemes diliniň intensiw okuwyny geçmäge mümkinçilik aldy.

Habarda bellenilişi ýaly, dil taýýarlygy bilen bir hatarda, maksatnama Germaniýanyň jemgyýetçilik-syýasy gurluşyny, ykdysady üstünliklerini we durmuş ulgamyny öz içine alýan ýurt öwreniş dersleriniň toplumlaýyn öwrenilmegini hem göz öňünde tutýar.

Şeýle hem maksatnamanyň çäklerinde ýurduň taryhy merkezlerine we şäherlerine gyzykly gezelençler guralýar, muzeýlere, medeni we aň-bilim edaralaryna barylýar. Bu bolsa gatnaşyjylara Germaniýanyň däp-dessurlary we ýerli ilatyň gündelik durmuşy bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Bu halkara taslamanyň esasy maksady dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen talyplaryň daşary ýurt dilindäki başarnyklaryny kämilleşdirmek, şeýle hem gatnaşyjylary Germaniýanyň medeni mirasy, milli däp-dessurlary we häzirki zaman ylmy-bilim ulgamy bilen tanyşdyrmakdan ybarat.

Şu ýyl maksatnama dünýäniň 150-ä golaý ýurdundan zehinli ýaşlary bir ýere jemledi.