Balkanabat şäherindäki Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýünde Etrek etrabynyň merkezinde ýaşan ussat halyçy we şahyr Nurbibi Nazarowa (1955–2020) tarapyndan 2014-nji ýylda dokalan täsin haly saklanýar. Bu barada ussatnews.com saýty habar berýär.
Halyçy halynyň ýüzünde türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň «Bady-sabany görsem» goşgusyndan setirleri şekillendiripdir. Goşgulardaky şahyrana setirleri haly eserlerine geçirmek halyçynyň döredijiliginde özboluşly ugra öwrülipdir. Onuň 2011-nji ýylda dokan «Türkmeniň» goşguly kilimi hem bellidir.
Nurbibi Nazarowanyň goşgulary türkmen metbugatynda yzygiderli çap edilip, belli kompozitorlary köp sanly meşhur aýdymlary döretmäge ruhlandyrypdyr. Mysal üçin, onuň sözlerine döredilen «Garaşsyz Diýar», «Bitarap ýurdum» we «Bagtyýar ilim» aýdymlary ýaş ýerine ýetirijilere «Ýaňlan, Diýarym!» döredijilik telebäsleşiginde ýeňiş gazanmaga ýardam edipdir.
Çeşmäniň bellemegine görä, Nurbibi Nazarowa medeniýete goşan goşandy üçin 1996-njy ýylda Türkmenistanyň döwlet sylagy — «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanýar.