Turkmenportal logo
Şu gün 11:26
38953895
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ÝHHG we TADOC türkmen hünärmenlerine howa menzillerinde barlag geçirmek usullaryny öwretdiler

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ulag polisiýasynyň, Döwlet serhet gullugynyň, Döwlet gümrük gullugynyň we «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Awiasiýa howpsuzlygy gullugynyň 20 wekili ÝHHG tarapyndan guralan kontrabanda töwekgelçiliklerini seljermek we howa menzillerinde barlag geçirmek usullary boýunça okuw maslahatyna gatnaşdylar. Çäre 2026-njy ýylyň 3–7-nji awgusty aralygynda Aşgabatda geçirildi.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi Türkiýäniň Kontrabanda we Guramaçylykly Jenaýatçylyga garşy göreş boýunça halkara akademiýasy (TADOC) bilen bilelikde bu okuw çäresini gurady. Onuň maksady gatnaşyjylara howa menzillerinde kontrabandanyň öňüni netijeli almak üçin zerur bolan bilimleri we başarnyklary öwretmekden ybarat boldy.

TADOC-yň bilermenleri gatnaşyjylary kontrabanda garşy göreşmegiň usullary we strategiýalary bilen tanyşdyrdylar. Okuw döwründe töwekgelçiliklere baha bermek, uçuşlaryň, ýolagçylaryň, ýükleriň we goşlaryň profilleşdirilmegi bilen bagly meselelere jikme-jik garaldy. Gatnaşyjylar ýolagçylaryň şübheli hereketlerini ýüze çykarmagyň usullaryny, ýolagçyny howa menziline giren pursadyndan uçara münmäge çenli profilleşdirmegiň tertibini, şeýle hem şübheli şahslar bilen netijeli söhbetdeşlik we sorag geçirmegiň usullaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Uilýam Lif öz gutlag sözünde transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky Tirana jarnamasyna (MC.DOC/1/20, 2020-nji ýylyň 4-nji dekabry) salgylanyp, onda bu ugurda milli utgaşdyrmany we halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmegiň möhümdiginiň nygtalýandygyny belledi.

«Bu okuw çäresi ÝHHG-niň we guramanyň agza döwletleriniň Tirana jarnamasynda beýan edilen syýasy borçnamalary anyk amaly goldawa öwrendigini aýdyň görkezýär» — diýip, Uilýam Lif aýtdy.

«Biziň ähli tagallalarymyz bir hakykaty tassyklaýar: tejribe alyşmak we sebitde ýola goýlan hyzmatdaşlyk transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşde örän möhüm ähmiýete eýedir» — diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Okuwyň çäklerinde ýolagçy resminamalaryny barlamagyň usullaryna, barlag geçirmek üçin ulanylýan gurallara we neşe serişdelerini gizlemekde giňden ulanylýan usullary ýüze çykarmagyň ýollaryna hem garaldy. Aşgabat halkara howa menzilinde geçirilen amaly okuw gatnaşyjylara toplumlaýyn we yzygiderli barlag usullaryny iş ýüzünde ulanmak mümkinçiligini berdi.