Turkmenportal logo
Şu gün 09:37
46854685
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ýaş alymlary Bolgar şäherinde geçirilýän Halkara arheologiýa mekdebine gatnaşýarlar

Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiliginiň ýaş wekilleri düýn Tatarystan Respublikasynyň Bolgar döwlet taryhy-binagärlik muzeý-goraghanasynda öz işine başlan XIII Halkara arheologiýa mekdebine gatnaşýarlar.

Mekdebe Russiýanyň 24 sebitinden we daşary ýurtlaryň bäşisinden — Azerbaýjandan, Belarusdan, Hindistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan jemi 75 ýaş alym gatnaşýar — diýip, densus.ru saýty habar berýär.

2026-njy ýylda Halkara arheologiýa mekdebi arheologiýada sanly tehnologiýalar mowzugyna bagyşlanýar. Okuw maksatnamasy geomaglumatlar ulgamlary, 3D modelirleme, geofizika, uzak aralykdan zondirleme, meýdan geodeziýasy we dolandyryşsyz ulgamlardan peýdalanmak boýunça leksiýalary hem-de amaly sapaklary öz içine alýar. Gatnaşyjylar howadan surata düşürmegiň, maglumatlary neýroulgamlar arkaly işlemegiň we arheologik desgalaryň sanly 3D modellerini döretmegiň usullaryny öwrenýärler.

Bu ýerde Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa institutynyň, Ýaroslaw Mudryý adyndaky Nowgorod döwlet uniwersitetiniň, Ural federal uniwersitetiniň, NTI gaznasynyň, Kazanyň döwlet binagärlik-gurluşyk uniwersitetiniň hem-de Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň A. H. Halikow adyndaky Arheologiýa institutynyň öňdebaryjy hünärmenleri sapak berýärler.

Mekdep 22-nji awgustda «Arheologiýada dersara barlaglar: gazanylanlar we öňde duran wezipeler» atly halkara ýaşlar ylmy-amaly maslahaty bilen tamamlanar. Maslahatda oňa gatnaşyjylar öz geçiren ylmy-barlaglarynyň netijeleri boýunça çykyş ederler.