Turkmenportal logo
Şu gün 12:03
68716871
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Lapis Lazuli» halkara ulag geçelgesiniň meseleleri maslahatlaşyldy

Ozal habar berşimiz ýaly, 10-njy awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana iş saparyny amala aşyrdy. Onuň dowamynda birnäçe möhüm gepleşikler geçirildi. Gepleşiklerde ähli ugurlar bilen bir hatarda «Lapis Lazuli» halkara ulag geçelgesiniň meseleleri maslahatlaşyldy.

TDH-de habar berlişi ýaly, ulag-logistika pudagy Merkezi we Günorta Aziýany baglanyşdyrýan wajyp ulgam bolup durýar. Bellenilişi ýaly, yklymara geçelgeleriň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan durnukly ulag ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ähmiýet berýär. Türkmenistanyň halkara üstaşyr ulag geçelgelerini hem-de logistika merkezlerini döretmek, Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgeleriniň taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmak, hususan-da, Beýik Ýüpek ýoluny täze taryhy şertlerde gaýtadan dikeltmek boýunça başlangyçlary muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, «Lapis Lazuli» halkara ulag geçelgesiniň ähmiýetine üns çekildi. 2017-nji ýylda Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe halkara ulag geçelgesini döretmek boýunça Aşgabatda bäştaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi.

Mälim bolşy ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow bu geçelgäni işjeňleşdirmäge we onuň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen birnäçe teklibi öňe sürüpdi. Hususan-da, türkmen halkynyň Milli Lideri ulag geçelgesine gatnaşyjy ýurtlaryň çäklerinde durnukly ýük akymlaryny emele getirmek hem-de bilelikdäki hereketleri utgaşdyrmak üçin bitewi logistik merkezi döretmegi, ýükleriň ugradylýan, kabul edilýän ýerlerini, şol sanda deňiz menzillerini, demir ýol beketlerini we awtomobil menzillerini ösdürmäge aýratyn üns bermegi, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ugry boýunça hem-de yzyna ýükleri geçirmek üçin bir bitewi nyrh syýasatynyň ýöredilmegini, «Bir penjire» ýörelgesi boýunça gözegçilik ulgamyny girizmek arkaly gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmegi, bu ugruň sanly ulgamdaky atlasyny taýýarlamagy teklip edipdi. Bu multimodal ulag geçelgesi Ylalaşyga gatnaşyjy döwletlere Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar hem-de Gara deňiz, Ortaýer deňzi sebitlerini öz içine alýan giň geoykdysady giňişlikde netijeli gatnaşyklary berkitmäge, olaryň uly ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa Beýik Ýüpek ýoluny döwrebap görnüşde gaýtadan dikeltmekde uly ähmiýete eýedir.