«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň önümçilik böleklerinde 2026-njy ýylyň degişli döwründe bellenilen meýilnamalar artygy bilen ýerine ýetirildi. Bu barada «Nebit-gaz» gazetinde habar berildi.
Müdirligiň Demirgazyk Balguýy liniýa-önümçilik böleginde ýylyň birinji ýarymynda 622 million 700 müň kub metr tebigy gaz çykarmak meýilleşdirilip, hakykatda, bu görkeziji 685 million kub metre ýetirildi. Şeýlelikde, bu önümçilik böleginde alty aýlyk meýilnama 110 göterim berjaý edildi.
Naýyp liniýa-önümçilik böleginde ýylyň degişli döwri üçin 181 million 200 müň kub metr tebigy gaz çykarmak meýilleşdirilipdi. Gazçylaryň zähmeti netijesinde alnan gazyň möçberi 193 million kub metre ýetdi. Netijede, meýilnama 106,5 göterim ýerine ýetirildi.
Müdirligiň iň iri önümçilik bölegi bolan Kükürtli liniýa-önümçilik böleginde bolsa ýylyň birinji ýarymy üçin bellenen 3 milliard 668 million 100 müň kub metr tebigy gazyň ýerine 4 milliard kub metrden hem gowrak gaz alyndy. Bu ýerde meýilnama 111,5 göterim berjaý edildi.
Şeýle hem müdirligiň garamagyndaky kärhanalarda ýylyň başyndan bäri 13 müň 421 tonna gaz kondensatyny öndürmek meýilleşdirilip, onuň öndürilen möçberi 16 müň 768 tonna ýetirildi. Bu babatda meýilnama 124,9 göterim berjaý edildi.
Ozal 2026-njy ýylyň alty aýynda «Lebapgazçykaryş» müdirligi boýunça 4 milliard 966 million kub metr gaz çykarylandygy barada habar beripdik.