Turkmenportal logo
Şu gün 10:21
61306130
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hazar deňziniň türkmen böleginde täze tebigy gaz akymy alyndy
Surat: newscentralasia

Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän «Toplum-1» şertnamalaýyn çägindäki «Magtymguly» gaz känini özleşdirmekde zähmet ýeňşi gazanyldy.

«Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, kändäki A8 belgili ulanyş guýusy 4 müň 981 metr çuňlukda üstünlikli burawlanyp, ýerastynda geçirilen ýokary hilli işleriň netijesinde bir gije-gündizde 1 million 300 müň kub metrden gowrak senagat ähmiýetli tebigy gaz akymy hem-de 130 tonna golaý gaz kondensaty alyndy.

Häzirki wagtda guýyny başlangyç tapgyrda özleşdirmek işleri dowam edip, geljekde alynýan önümiň möçberiniň has-da artmagyna garaşylýar. Bu iri üstünlik Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali» kompaniýasynyň «Türkmennebit» döwlet konserni bilen baglaşan önümi paýlaşmak hakyndaky şertnamasy esasynda alnyp barylýan işleriň netijesidir.

Geçen 30 ýylyň dowamynda Hazar deňziniň türkmen böleginde we kenarýaka zolakda nusgalyk infrastruktura döredildi hem-de onuň şertnama-hukuk binýady kemala getirildi. Deňizde 5 sany döwrebap platforma guruldy we 40-a golaý gözleg, baha beriş hem-de ulanyş guýusy burawlanyldy. Bilelikdäki işleriň netijesinde Hazar deňzinden 44 milliard kub metrden gowrak gaz hem-de 16 million tonna suwuk uglewodorod çykaryldy. Şeýle hem Hazar deňziniň türkmen kenarynda gaz taýýarlaýan zawod, kenar gaz terminaly we deňiz gurnamalaryny ýygnaýan desgalar toplumy üstünlikli gurlup işe girizildi.

Hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki 19-njy we 20-nji deňiz toplumlaryny özleşdirmek boýunça hem giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçiriler. Şeýle hem 11-nji, 12-nji, 13-nji we 14-nji deňiz toplumlarynda 2D seýsmiki barlaglary geçirmek göz öňünde tutulýar.