Turkmenportal logo
Şu gün 11:06
28982898
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Birža söwdalarynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümleri uly islege eýe boldy
Surat: Surat: istockphoto

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 59-sy hasaba alyndy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 224 müň dollaryndan gowrak boldy. Bu barada TDH habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkiýäniň we Serbiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri nah ýüplügi, buýan köküniň ekstraktyny satyn aldylar.

Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 428 million 978 müň manatdan gowrak bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny, polipropileni, nebit koksuny, nah matany we çig ýüpegi satyn aldylar.