Turkmenportal logo
Şu gün 09:17
24832483
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ýene 100 mekdebi «Ýaşyl mekdep» başlangyjyna goşuldy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ÝUNISEF-iň hyzmatdaşlygynda ýurtda 2025-nji ýyldan bäri durmuşa geçirilýän «Ýaşyl mekdep» maksatnamasyna Türkmenistanyň ýene 100 mekdebi goşuldy.

ÝUNISEF-iň metbugat beýanatynda habar berlişi ýaly, maksatnamanyň täze tapgyrynyň başlanmagyna bagyşlanan çäreler Aşgabatda we ähli welaýatlarda geçirildi. Olara ýurduň dürli künjeklerinden mekdep müdirleri we bilim edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

«Ýaşyl mekdep» maksatnamasy dört esasy ugra: mekdebi dolandyrmak, infrastruktura we onuň ulanylyşy, okatmak we bilim bermek, şeýle hem jemgyýet bilen özara hyzmatdaşlyk ýaly ugurlara esaslanýar.

Maksatnama işe girizileninden bäri ol ýurduň 20 mekdebinde synag görnüşinde durmuşa geçirildi. Bu mekdeplerde howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak bilen bagly meseleleri gündelik okuw işine ornaşdyrmak boýunça işler alnyp baryldy. Geçirilen milli «Ýaşyl başarnyklar» bäsleşigi okuwçylaryň we mekdepleriň garaşylýandan has ýokary netijeleri görkezendigini ýüze çykardy. Olar öz işlerine giň jemgyýetçiligi çekip, ýokary döredijilik ukybyny, liderlik häsiýetlerini we işjeň raýatlyk garaýşyny görkezdiler.

Gazanylan netijelere daýanyp, Bilim ministrligi we ÝUNISEF merkezi we welaýat derejesindäki bilim dolandyryş edaralary bilen bilelikde «Ýaşyl mekdepleri» sertifikatlaşdyrmagyň ilkinji tapgyryna taýýarlyk işlerini alyp barýarlar. Bu tapgyryň 2026-njy ýylyň güýzünde geçirilmegine garaşylýar.

Täze okuw ýylynyň başlanmagyna çenli maksatnama gatnaşyjy mekdepleriň ählisine howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça usuly gollanmalar hem gowşurylar. Howa ýagdaýlary boýunça bilim bermek «Ýaşyl mekdep» derejesini almak üçin zerur şertleriň we esasy ölçegleriň biri bolup, maksatnamanyň aýrylmaz düzüm bölegidir.

Maksatnamanyň giňeldilmegi bilen Türkmenistanyň ähli künjeklerinden jemi 120 mekdep indi «Ýaşyl mekdep» maksatnamasyna gatnaşýar. Türkmenistanyň Bilim ministrligi we ÝUNISEF 2030-njy ýyla çenli maksatnamany ýurtdaky takmynan 1900 mekdebiň 500-sine çenli giňeltmek boýunça uly maksady öňlerinde goýdular.